Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Azerbaýjana 400 million kub metre golaý tebigy gazy eksport etdi

09:3817.07.2023
0
24134

Azerbaýjan 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 398,7 million kub metr türkmen gazyny import etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, Trend habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, şu ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistandan Azerbaýjan eksport edilýän tebigy gazyň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,5 esseden gowrak, umumy bahasy bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4,8 esse ýokarlandy. Has takygy, degişli döwürde umumy bahasy 59,18 million amerikan dollaryna deň bolan 398,7 million kub metr türkmen gazy Azerbaýjana iberildi. Deňeşdirmek üçin, 2022-nji ýylyň degişli döwründe Türkmenistandan Azerbaýjana umumy bahasy 12,15 million dollara deň bolan 151,96 million kub metr tebigy gaz eksport edilipdi.

Ýeri gelende bellesek, Azerbaýjan şu ýylyň ilkinji dört aýynda umumy bahasy 202,41 million amerikan dollaryna barabar bolan 1,19 milliard kub metr mawy ýangyjy daşary ýurtlardan satyn aldy. Şeýlelikde, degişli döwürde ýurduň umumy tebigy gaz importynyň 33,25 göteriminiň Türkmenistanyň paýyna düşýändigini görmek bolýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň tutuş dowamynda Türkmenistan umumy bahasy 110,8 million dollarlyk 857 million kub metr tebigy gazy Azerbaýjana eksport edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň