Türkmenistan
1. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Türkmenistanda ilkinji gezek çanaklyk-but ýanjygynyň bognunyň çylşyrymly kesellerinde ulanylýan Pemberton usuly arkaly ortopediki operasiýa geçirildi. Bu operasiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň gözegçiliginde bolan Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy, 5,5 ýaşly çaga Atajan Şöhradowda geçirildi.
2. Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni degişli Karara gol çekdi
3. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty «Magtymguly dünýäsi» atly ykjam programmasyny işe girizdi. Bu onlaýn-programma ýokary okuw mekdebiniň ýaş alymlar merkeziniň ýardam bermeginde türkmen halkynyň beýik akyldarynyň döredijiligi bilen giň okyjylar köpçüligini tanyşdyrmak üçin döredildi.
4. Ýaponiýanyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň geňeşçisi Ýumi Midzumori ýakynda sapar bilen Türkmenistana geldi. Onuň saparynyň birnäçe wezipelerden ybaratdy. Hususan-da, bu wezipeler Türkmenistandaky syýahatçylyk ugurlary barada maglumat bermek boýunça ýapon habarçysyny goldamagy, syýahatçylyk ýerlerine we düzümlerine baryp görmegi, şeýle hem ýurduň syýahatçylyk agentlikleri bilen duşuşyklary geçirmegi öz içine alýar. Geňeşçi Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda syýahatçylyk pudagy boýunça ikitaraplaýyn türkmen-ýapon, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri baradaky geňeşmelere gatnaşdy.
5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewe bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany geçen döwrüň içinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-nyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi.
Dünýäde
6. Günorta Afrika Respublikasynda adaty bolmadyk ýagyn ýagdy. Ýerli ýaşaýjylar muňa begenýärler – olar gar toplaryny oýnaýarlar. Gar ýagşy birnäçe sagatlap dowam etdi. Ýohannesburgda we Pretoriýada ýollarda buzly sürçekler emele geldi. Bu ýerde gary, adatça, diňe daglyk sebitlerde görmek bolýar, emma bu gezek ýagyn şäherlere ýagdy.
7. Fransiýanyň hökümeti halky täze aýakgap we eşik satyn almagyň ýerine, olary abatlamaga höweslendirjek pul kömegi (subsidiýa) maksatnamasyny hödürledi. Hökümet agzalarynyň we ekologlaryň bellemeklerine görä, şeýle çäre galyndylaryň mukdarynyň ep-esli azalmagyna getirer. Zatlaryny bejertmek üçin getirýän adamlara awtomatiki usulda 6-dan 25 ýewro çenli sylag berler. Bu maksatnama bäş ýyl üçin niýetlenendir we onuň üçin 154 million ýewro bölünip berildi.
Sport habarlary
8. Türkmen küştçileri 3 – 8-nji awgust aralygynda Aktau şäherinde geçiriljek mekdep toparlarynyň arasynda ilkinji dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Öňde boljak dünýä birinjiligine gatnaşmaga hukuk gazananlar paýtagtyň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde ýurduň ähli sebitlerinden 100-den gowrak okuwçy-türgeniň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda kesgitlenildi.
9. «Ahal» Gyrgyz premýer-ligasynyň 2022-nji möwsüminiň iň gowy derwezebany Rahat Japarow bilen düzümini has-da güýçlendirdi. 27 ýaşly türkmen futbolçysy özüniň täze toparyna AFK Çempionlar ligasy 2023/2024 çempionatynda kömek eder. Ýatlatsak, Japarow şu ýylyň fewral aýynda Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol topary bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň topardan çykdy. «Transfermarkt» portalynyň habar bermegine görä, onuň bazar bahasy 200 müň ýewro deň hasaplanýar.
10. Mahaçkalanyň «Dinamo» futbol topary täze baş tälimçi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji duşuşygyny Moskwanyň «Torpedo» toparyna garşy geçirer. Bu duşuşyk 15-nji iýulda, şenbe güni, «Lužniki» stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 21:30-da başlanar.