Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary: Mirziýoýew sesleriň 87,05 göterimi bilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanýar

11:1910.07.2023
0
28968

Özbegistanyň häzirki Prezindenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň deslapky maglumatlaryna laýyklykda, Prezident saýlawlarynda sesleriň 87,05 göterimi bilen ýeňiş gazanýar. Bu barada toparyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew metbugat-brifinginde habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Nizamhojaýewiň sözlerine görä, Respublikanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, «Adolat» sosial-demokratik partiýa tarapyndan saýlawlarda dalaşgär görkezilen Robahon Mahmudowa sesleriň 4,43 göterimini, Halk-demokratik partiýanyň baştutany Ulugbek Inoýatow 4,02 göterimini, Ekologik partiýanyň başlygy Abdyşukur Hamzaýew sesleriň 3,74 göterimini gazandy.

Merkezi saýlaw toparynda Mirziýoýewiň döwletiň saýlanan baştutanydygyny nygtadylar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň