«Большая Азия» teleýaýlymy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk eder

14:4806.07.2023
0
44241

«Большая Азия» teleýaýlymy we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi.

Bu barada «Голос СНГ» neşirine teleýaýlymyň baş direktory, Arkadag şäheriniň açylyşyna gatnaşan Aleksandr Lebedew aýtdy.

A.Lebedew: «Biz özara gatnaşyklaryň çäginde, her iki hepdede bir gezek Türkmenistandan 52 minutlyk döwletiň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary we üstünlikleri barada gürrüň berýän taýýar teležurnaly almagy meýilleşdirýäris» diýdi.

Şeýle hem teleýaýlymyň direktory bu ýerde gören zatlaryna haýran galandygyny we Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlaryna çyn ýürekden abadançylyk we bagt arzuw edýändigini aýtdy.

«Şeýlelik bilen, özara amatly maglumat mazmunyny döretmek barada türkmen kärdeşlerimiz bilen ylalaşdyk. Ol Russiýany we Türkmenistany öz içine alar» diýip, A.Lebedew belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň