Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

10:4129.06.2023
0
46315

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle hem Türkmenistanda ilkinji «akylly şäheriň» açylyşy mynasybetli dabaralara köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde 336 sany medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar guruldy.

Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly şäheriň» aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň «Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlar täze binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň toplumynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde döwlet Baştutany belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlar bilen Ruhyýet köşgünde dabaraly maslahata gatnaşdylar. Bu ýerde Arkadag şäheriniň dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan sylag gowşurmak dabarasy geçirildi.

Soňra bolsa, türkmençilik däp-dessuryna eýerip, toý sadakasy berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň