Prezident Serdar Berdimuhamedow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Madura milli baýram — Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Prezident Nikolas Madura berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Wenesuelanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.