Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň Başlygy Tunisiň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

21:5204.07.2023
0
24761

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarek Ben Salemden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de diplomat Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Ilçi Tunisiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň aýratyn orny bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda iki tarapyň hem bähbitlerine doly laýyk gelýän özara hormat goýmak we oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, däp bolan döwletara dialogyň mundan beýläk hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň