Soňky habarlar

Arhiw

«Armenian Airlines» Ýerewan bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýdy

14:1304.07.2023
0
41829

«Armenian Airlines» awiakompaniýasy Ýerewan – Stambul – Ýerewan ugry boýunça howa gatnawyny ýola goýdy diýip, «Armenpress» habar berýär.

Ilkinji uçuş 2-nji iýulda amala aşyryldy, petekleriň satuwy www.armenianairlines.am saýtynda eýýäm açykdyr.

Uçuşlar hepdede iki gezek, her çarşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

2022-nji ýylda döredilen «Armenian Airlines» «Zwartnos» Ýerewan Halkara howa menziliniň binýadynda ýerleşýär. Onuň uçuş tertibinde Russiýanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň nokatlary bardyr.

Awiakompaniýa geljekde Müsüre, Ýakyn Gündogara, Ýewropa we aziýa ýurtlaryna uçuşlary ýola goýmak mümkinçiligini meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň