Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma önümleri, şol sanda ýorgan-düşek toplumlary, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah we jinsi matalary, şeýle hem nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 608 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH ýazýar.
Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 13 million 25 müň manatlyk «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.