Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jidda şäherine (Saud Arabystany) bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäheriniň häkimi Şazada Saud bin Abdullah bin Jalawi Al Saud hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen çaý başynda söhbet etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň resmi wekili türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny keramatly toprakda görýändigine örän şatdygyny nygtady we mukaddes Gurban baýramy bilen mübärekläp, zyýaratlaryň, beriljek sadakalaryň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi we onuň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hem-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 29-30-njy iýuny aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary haj parzynyň däp-dessurlaryny ýerine ýetirmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge şäherinde saparda bolýarlar.