Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» teleýaýlymy öz işine başlady

16:1629.06.2023
0
48534

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen döredilen «Arkadag» teleýaýlymy Türkmenistanda ýaýlyma başlady.

Bellenilişi ýaly, täze teleýaýlym Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri ussatlyk bilen açyp görkezýän hem-de wagyz edýän kämil gepleşikleri taýýarlap, teleýaýlymlaryň üsti bilen halka ýetirmek, şeýle hem türkmen telewideniýesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen döredildi.

Ýaýlym häzirki wagtda tomaşaçylar üçin elýeterlidir. Ýaýlymda şu gün Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan Arkadag şäheri barada taýýarlanan gepleşikler hödürlenýär.

Şu gün «Arkadag» gazetiniň hem ilkinji sanynyň okyjylara gowuşandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň