Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» gazetiniň birinji sany çapdan çykdy

10:0929.06.2023
0
33567

Şu gün «Arkadag» gazetiniň ilkinji sany okyjylara gowuşdy. Gazetiň täze sany Arkadag şäheriň açylyşyna bagyşlanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti täze gazetiň neşir edilip başlanmagy mynasybetli onuň döredijilik işgärlerine we okyjylaryna Gutlag ýollady. Gutagda, hususan-da, şeýle ýazylýar:

«Arkadag» gazetiniň hormatly işgärleri we okyjylary!

Sizi täze döredilen «Arkadag» gazetiniň ilkinji sanynyň çykmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze neşiriň oňyn özgertmelerimiziň, giň gerimli başlangyçlarymyzyň düýp many-mazmunyny halka düşündirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna, şäher ýaşaýjylarynyň, ähli watandaşlarymyzyň, giň okyjylar köpçüliginiň uly söýgüsini gazanjakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly watandaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini dünýä ýaýmakda, wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine aýratyn orun degişlidir. Hut şonuň üçin hem sanly ulgam we häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek, şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen «Arkadag» gazetini döretdik. Täze şäheriň «Arkadag» diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many bardyr. Arkadag şäheriniň ady adamlaryň kalbyny tolgundyryjy duýgulara besleýär. Halkyň daýanjyny, buýsanjyny, jebisligini we ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Bu şäherde adamlaryň oňaýly şertlerde ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi, raýatlarymyzyň müňlerçesi täze jaýly, täze işli bolmak bagtyna eýe boldy.

Köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň gudratydyr. Şäherde alnyp barlan ähli işler ylmy esaslara daýanmak bilen, täzeçil çemeleşmeler esasynda, döwrebap derejede ýerine ýetirildi. Bu täze neşir hem Arkadag şäheriniň ýeten belent sepgitlerini dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, türkmen metbugatynyň taryhynda täze sahypany açar. Döwlet ähmiýetli şäherimizi wasp etjek «Arkadag» gazetini döretmegimiz söz sungatyna goýýan çäksiz sarpamyzyň ýene-de bir aýdyň nyşanydyr.

Hormatly döredijilik işgärleri!

Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup ulanmaga berýän döwletler köp däl. Täze şäheriň gurulmagy biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyna aýdyň şaýatlyk edýär. «Akylly» şäher gurmak babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny milli medeniýetimiz, binagärligimiz hem-de ykdysadyýetimiz bilen bilelikde bir ýere jemlän Arkadag şäheri türkmen myhmansöýerliginiň ýokary derejede ýüze çykýan mekanyna öwrüler. Gözelligi we döwrebaplygy bilen dünýäniň ünsüni özüne çekjek Arkadag şäheri halkara sport hem-de medeni çäreleriň, toý-tomaşalaryň, dabaralaryň, festiwallaryň geçirilýän şäheri bolar. Bu işleriň has giň gerimde wagyz edilmegini gazanmak bolsa döredijilik adamlarynyň paýyna düşýär. «Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärleriniň bu işleri irginsiz yhlas, gujur-gaýrat we döredijilik ussatlygy bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.

«Arkadag» gazetiniň hormatly işgärleri we okyjylary!

Sizi «Arkadag» gazetiniň neşir edilip başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag şäheriniň dabaraly açylýan gününde giň okyjylar köpçüligine ýetirilýän täze neşir halkymyz üçin ajaýyp sowgatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhratyny dabaralandyrýan Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerini giň jemgyýetçilige tanyşdyrmakda, geçirilýän çäreleri hem-de ýetilýän sepgitleri halk köpçüligine giňişleýin habar bermekde size üstünlikleri arzuw edýärin.

Galamyňyz ýiti bolsun!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň