Atlantika ummanynda ýiten batiskaf enjamynda kislorod gutarýar diýip, «Habar 24» ýazýar. Halas edijileriň maglumatlaryna görä, enjamda kislorodyň gory 40 sagada ýeter. Radarlaryň ekranyndan enjam suwa çümeninden 1,5 sagat soňra ýitirim boldy. Onuň «Titanik» gämisiniň galyndylarynyň arasynda togtap galan bolmagy mümkin diýlip çak edilýär.
Enjamy gözlemek işlerine ABŞ-nyň we Kanadanyň harby-deňiz güýçleri hem-de çuňluklary öwrenmek bilen meşgullanýan telekeçilik kompaniýalary gatnaşýarlar.
Batiskafda bäş adam, olaryň arasynda batiskafyň eýesi bolan «OceanGate Expeditions» amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stokton Raş, fransuz akwanawty Pol-Anri Naržole we britan milliarderi Hemiş Harding bolmaly.