«Merwiň» AFK-nyň kubogynda geçirjek duşuşyklarynyň wagty belli boldy

17:4821.06.2023
0
27015

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy AFK-nyň kubogynyň 2023 ― 2024-nji ýyllardaky möwsüminiň saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryň geçiriljek wagtyny mälim etdi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasýasy ýazýar.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň geçen möwsüminiň bürünç medalyna mynasyp bolan Marynyň «Merwi» saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşygyny gyrgyz çempionatynyň kümüş medalçysy «Alaý» futbol topary bilen geçirer. Duşuşygy 15-nji awgustda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär.

«Merw» ― «Alaý» duşuşygynyň ýeňijisi ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna goşluşmak üçin 22-nji awgustda Täjigistanyň «Hujand» futbol topary bilen duşuşar. «Hujand» täjik çempionatynyň geçen möwsüminde bürünç medal gazanypdy.

«Merw» bu duşuşyklaryň ikisinde-de üstünlikli çykyş edip bilse, Täjigistanyň «Rawşany», Türkmenistanyň «Altyn asyry» we Gyrgyzystanyň «Abdyş-Atasy» bilen toparçalaýyn tapgyrda ýaryşmaga hukuk gazanar.

AFK-nyň kubogynyň Merkezi Aziýa boýunça toparlaýyn duşuşyklary 20-nji sentýabrda başlanyp, 14-nji dekabrda tamamlanar. Toparçada diňe birinji orna mynasyp bolan topar ýaryşyň indiki tapgyryna çykmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň