Şu gün — 21-nji iýunda Aşgabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde «IX Halkara ýoga güni —2023» atly dabara geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Atageldi Germanow, Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair, «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň müdiri Maksat Kadyrow, paýtagtyň ýaşaýjylarydyr myhmanlarynyň 200-e golaýy gatnaşdy.
Bu çäre Türkmenistanyň goldaw bermegi bilen Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. «Bagtyýarlyk» sport toplumyna ýygnananlar açyk meýdançada ýoga we beýleki maşklary ýerine ýetirdiler.
Halkara ýoga güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, 2015-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji iýunynda giňden bellenilip geçilýär. Hindistan tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç BMG agza döwletleriň 175-isi tarapyndan ykrar edildi.
Halkara ýoga gününiň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi mynasybetli 2015-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabatdaky Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň dowamynda açylyp ulanmaga berildi.