Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alty sany türkmen okuwçysy Hywada geçirilen Halkara himiýa olimpiadasynda bürünç medala eýe boldy

10:0521.06.2023
0
35448

Alty sany türkmen okuwçysy Hywada (Özbegistan) geçirilen Abu Reýhan Biruniniň adyny göterýän birinji Halkara Himiýa olimpiadasynda bürünç medallara eýe boldular.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habaryna görä, onunjy synp okuwçylary — Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatyndan Şatlyk Batyrow, Mährijemal Gündogdyýewa, Jeren Akmyradowa we Adyl Serdarow, 37-nji orta mekdepden bolsa Ogulbaýram Berdimyradowa Olimpiadanyň bürünç medalyna mynasyp boldular.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy Serdar Begenjow ýolbaşçylyk etdi.

Olimpiada dünýäniň 15 ýurdundan 100-den gowrak gatnaşyjyny özünde jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň