Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Anjelina Joli Bred Pittiň şowsuzlyklaryna şatlanýar

17:3116.10.2024
0
12174
Anjelina Joli Bred Pittiň şowsuzlyklaryna şatlanýar
Surat: gazeta.ru

Golliwudyň aktrisasy Anjelina Joli öňki ýanýoldaşy aktýor Bred Pittiň kinodaky her bir şowsuzlygyna guş bolup uçaýjak bolýar. Bu barada «In Touch Weekly» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Çeşme «Apple TV+» striming-ýaýlymynyň ýolbaşçylarynyň Pitt bilen Jorj Kluniniň golaýda ekranlara çykan «Ýalňyz gurtlar» filminiň kinoteatrlarda görkezilmeli wagtyny azaldandygyny, hatda filmiň mahabatyny alyp barmakdan ýüz öwrüp, aktýorlary kyn ýagdaýa salandygyny habar berdi.

Bu ýagdaýda diňe Anjelina Joliniň keýpi çag, sebäbi ol bu möwsümde «Netflix» tarapyndan goldawa mynasyp boldy, ýagny aktrisanyň surata düşen «Mariýa» atly dokumental filminiň «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezilmegi hem mümkin.

Habarda Joliniň öňki adamsy Bred Pittiň aktýor Jorj Kluni bilen dostlugyny halamaýandygy bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň