Aşgabada iş sapary bilen gelen Belarus Respublikasynyň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçysy Jora Hudaýberdiýew bilen geçiren gepleşiklerinde türkmen hokkeýçilerini Minsk şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmäge çagyrdy.
Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda myhman türkmen hokkeýiniň ösüşine ýokary baha berdi we ýurduň milli ýygyndysyna geljek ýylyň 10 ― 16-njy marty aralygynda Bişkek şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasynda geçiriljek duşuşyklarda üstünlik arzuw etdi.
Hudaýberdiýe öz gezeginde iki döwletiň degişli federasiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2019-njy ýylda gol çekilen Ylalaşyga ygrarlydygy üçin Belarus tarapyna hoşallyk bildirdi.
Şu gün bu ýerdäki buzly meýdanda Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysynyň görkezme çykyşy hem guraldy. Duşuşyk 2:1 hasabynda «ýaşyllaryň» ýeňşi bilen tamamlandy.
Ministriň mundan ozal Minsk şäherinde Türkmenistanyň ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen türkmen türgenleriniň GDA-nyň oýunlaryna gatnaşmagy bilen bagly pikir alşandygyny ýatladýarys. Bu Oýunlar 5 ― 13-nji awgust aralygynda Belarus Respublikasynyň 11 şäherinde geçiriler.