Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýa sapar bilen çagyryldy

21:5409.06.2023
0
17593

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbany kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Wengriýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikiçäk we giňeldilen düzümde ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunda taraplaryň köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň giň ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Wengriýanyň Premýer-ministri jenap Wiktor Orban çykyşynyň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistana gelip görmäge çakylyk üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny Wengriýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uly kuwwata eýedir. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň uly geljegi bardyr.

Premýer-ministr Wiktor Orban iki halkyň taryhy-medeni umumylygynyň netijeli wenger-türkmen gatnaşyklarynyň ygtybarly esasydygyny belledi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edilende Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban gepleşikleriň netijelerini beýan edip, iki ýurdy aýratyn we ygtybarly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Wengriýanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Belent mertebeli myhman Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistana gelmäge çakylygy hem-de hyzmatdaşlyga taýýardygy üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Wengriýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň