Türkmenistanda rus kinoprokatynyň iň girdejili filmi — «Çeburaşka» maşgala komediýasy görkeziler

09:2609.06.2023
0
33738

9 — 14-nji iýun aralygynda Aşgabatda Rus kinosynyň günleri geçiriler. «Russian Film Festival» şygary bilen geçiriljek ýörite tölegsiz görkezilişlerde festiwalyň myhmanlary «Berkarar» kinoteatrynda dört sany rus filmine tomaşa edip bilerler.

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna bu günlerde adybir erteki esasynda surata düşürilen, Russiýada iň köp girdeji getirip kinoprokatda öňdeligi eýelän hem-de 2023-nji ýylda dünýäde iň köp girdeji getiren filmleriň iň gowy 25-ligine giren «Çeburaşka» filmi görkeziler. Mundan başga-da, tomaşaçylaryň dykgatyna «Iwan Sarewiç we Çal Möjek 5» hem-de «Ermitažyň pişikleri», şeýle-de «Jadygöýler» atly maşgala fentezisi ýaly animasion filmler ýetiriler.

Rus kinosynyň Türkmenistandaky günleri Russiýanyň Medeniýet ministrligi we RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde ROSKINO tarapyndan guralýar.

Tölegsiz petekler 9-njy iýundan «Berkarar» kinoteatrynyň şu salgydaky kassalarynda elýeterlidir: Atatürk köçesi, 80-nji jaý, «Berkarar» SDAM, 3-nji gat.

Görkezilişleriň tertipnamasy:

9-njy iýun, anna

  • 19:00 «Jadygöýler»

10-njy iýun, şenbe

  • 14:00 «Iwan Sarewiç we Çal Möjek 5»
  • 18:00 «Çeburaşka»

11-nji iýun, ýekşenbe

  • 14:00 «Jadygöýler»
  • 18:00 «Ermitažyň pişikleri»

12-nji iýun, duşenbe

  • 19:00 «Çeburaşka»

13-nji iýun, sişenbe

  • 19:00 «Iwan Sarewiç we Çal Möjek 5»

14-nji iýun, çarşenbe

  • 19:00 «Ermitažyň pişikleri»
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň