«Liwerpul» jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Aleksis Mak Allister bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşylandygyny habar berdi.
Futbolçy «Liwerpulda» 10-luk belgide çykyş eder. Ozal bu belgini Sadýo Mane, Filippe Koutinýo, Maýkl Ouen, Jon Brans ýaly futbolçylar göteripdiler.
Italiýaly žurnalist Fabrisio Romanonyň ýazmagyna görä, «Liwerpul» Aleksisi düzümine goşmak üçin 35 million funt töledi. Oýunçy bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşyldy.
Mak Allister geçen möwsümde «Braýtonyň» düzüminde 40 duşuşyga gatnaşyp, olarda 12 gezek tapawutlandy, 3 goluň hem assistini berdi.
Angliýanyň çempionatynyň geçen möwsümini bäşinji orunda tamamlan «Liwerpul» indiki möwsümde Çempionlar ligasyna gatnaşyp bilmez.