Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilýän «Rolan Garros» «uly tuwulgasynyň» zenanlaryň arasyndaky ýekelik bäsleşiklerinde ýarym finalyň ähli gatnaşyjylary belli boldy. Olaryň arasynda «uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýarym finalyna ilkinji gezek çykan tennisçi hem bar. Has takygy, dünýäniň 14-nji raketkasy Beatris Haddad Maýýa çärýek finalda tunisli Ons Jaberi (WTA-nyň reýtinginde ýedinji orun) 6/3, 6/7, 6/1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýarym final ýollanmasyna eýe çykdy. Bu ýeňiş arkaly ol öz karýerasynda ilkinji gezek «uly tuwulga» ýaryşynyň ýarym finalynda oýnamaga hukuk gazandy. Şeýle-de, Beatris Haddad Maýýanyň «Rolan Garrosyň» ýarym finalyna çykan ilkinji braziliýaly tennisçi hökmünde taryha girendigini hem bellemek gerek.
Mundan başga-da, «Rolan Garrosyň» ýarym finalynda şu ýyl WTA-reýtinginiň lideri polşaly Iga Swýontek, dünýäniň ikinji raketkasy belarusly Arina Sobolenko çehiýaly Karolin Muhowa dagy hem korta çykarlar. Final ýollanmasy üçin geçiriljek oýunlarda Beatris Haddad Maýýa Iga Swýontek bilen, Arina Sobolenko bolsa Karolin Muhowa bilen güýç synanyşar.
Ýaryşyň ýarym final tapgyry şu gün, final oýny bolsa 10-njy iýunda geçiriler.