Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýanyň çempionatynda türkmenistanly oglanlar owganystanly ýetginjeklerden üstün çykdylar

11:4606.06.2023
0
31659

Tennis boýunça 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň ikinji gününde Türkmenistanyň oglanlar ýygyndysy owganystanly ýetginjeklerden üstün çykdylar.

Ýaryş bary-ýogy bir duşuşykdan ybarat boldy. Onda Süleýman Hudaýberdiýew Muzammil Aýubini 6:0, 6:0 hasaplary bilen ýeňdi. Owgan tarapy soňky duşuşyklary bolsa geçirmekden ýüz öwürdi. Şeýlelikde, umumy ýeňiş Türkmenistanyň ýygyndysynyň peýdasyna berildi. Umumy netije boýunça Türkmenistan Owganystany 3:0 hasabynda ýeňdi hasaplanyldy.

Sebitleýin ýaryşa jemi alty ýygyndynyň gatnaşýandygyny ýatladýarys. Ilkinji iki günde Gyrgyzystanyň we Owganystanyň ýetinjeklerinden üstün çykan türkmen türgenleri indi Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri bilen güýç synanyşarlar.

Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, iň kän utuk toplan ýygyndy onuň ýeňijisi bolar.

Ýaryşda Türkmenistanyň ýyygndysyna ýurduň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiý tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň