Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly gyzlar tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna ýeňiş bilen girişdiler

15:0005.06.2023
0
24993

Türkmenistanyň tennis boýunça gyzlar ýygyndysy 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda şu gün Aşgabat şäherinde başlanan Merkezi Aziýanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygynda Gyrgyzysstanyň ýygyndysyndan üstün çykdy.

Ýekelikdäki duşuşyklarda korta ilki bilen Türkmenistandan Anna Ponýatowa bilen Gyrgyzystandan Nurmira Baýdyleýewa çykdy. Duşuşyk 6:0, 6:0 hasaplary bilen türkmenistanly tennisçiniň ýeňşi bilen tamamlandy. Aýlara Kakabaýewa hem Naýema Kubanyçbekowany edil şu hasap bilen ýeňdi. Jübütleýin duşuşykda bolsa Näzli Hudaýgulyýewa / Aýlara Kakabaýewa jübüti Gyrgyzystanyň Baýdyleýewa / Kubanyçbekowa jübütinden 6:1, 6:3 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, ýaryş türkmenistanly gyzlaryň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bile tamamlandy.

Türkmenistanly gyzlar ýaryşyň medallary üçin Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan gelen garşydaşlary bilen güýç synanyşýarlar.

Ýaryş bir aýlawdan ybarat bolar. Aýlawyň netijesinde iň iň kän utuk toplan ýygyndy çempion diýlip yglan ediler.

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň şägirtleriniň indiki garşydaşy biraz soňrak belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň