Türkmenistanly lukmanlar Owganystanyň aýallaryna we çagalaryna lukmançylyk ýardamlaryny berdiler

22:1203.06.2023
0
34811

Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň adyndan ynsanperwerlik kömegi hökmünde gurlan çaga dogrulýan öýde bejeriş-maslahat beriş ýardamyny bermek maksady bilen, 2023-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda türkmen lukmanlaryň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine bellenen tertipde iberilmegini üpjün etmek barada Türkmenistanyň Prezidentiniň 7-nji maýda gol çeken Buýrugy esasynda, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmanlary tarapyndan 15 — 31-nji maý aralygynda owgan raýatlaryna bejeriş we maslahat beriş hyzmatlary ýerine ýetirildi.

Türkmen lukmanlarynyň sapary hepdede 3 gün guralyp, maý aýynyň dowamynda jemi 9 günden ybarat boldy. Bu gysga döwürde lukmanlar jemi 473 sany zenanyň (şolardan 248-si göwreli zenanlar, 225-si ginekologiki näsag zenanlar) we 276 sany çaganyň (şolardan 43-si bäbeklik döwründäkiler, 122-si 1-ýaşa çenli çagalar, 73-si 5-ýaşa çenli çagalar, 38-si 14-ýaşa çenli çagalar) saglygyna seretdiler. Şeýle-de 156 sany näsagy Ultrases barlagyndan geçirdiler. Lukmanlaryň bejeriş-maslahat beriş ýardamyny berýän döwründe jemi 12 sany çaga dünýä indi.

Owgan lukmanlary türkmen lukmanlarynyň bu ýardamynyň diňe bir bejeriş-maslahat beriş hyzmaty bolmak bilen çäklenmän, eýsem özara tejribe alyşmakda we owgan lukmanlarynyň hünär taýýarlygyny ösdürmekde hem uly goşant bolandygyny belleýärler. Hemişe dostluk goluny uzadyp, owgan halkyna berýän doganlyk kömekleri üçin bolsa, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine çäksiz minnetdarlyk bildirýärler.

Owgan lukmanlary geljekde bu hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine hem-de Turgundy şäherçesindäki çaga dogrulýan öýüniň lukmanlary üçin Türkmenistanda gysga wagtlyk okuw kurslarynyň hem guralmagyna uly gyzyklanma bildirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň