Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

22:1501.06.2023
0
18744

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Aşgabatda saparda bolýan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi.

Söhbetdeşler ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi goldamagyň, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup hyzmat edýän parlamentara dialogy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmegine, şol sanda ynsanperwer ýörelgeleriň, gymmatlyklaryň ykrar edilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýändigine aýratyn üns çekildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ÝHHG-niň Baş sekretary Bitarap Türkmenistanyň sebitde we onuň çäginden uzakda parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky syýasatynyň möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen birlikde, energetika we ekologiýa howpsuzlygy, durnukly ulag, suw diplomatiýasy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigine üns çekildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we ÝHHG-niň Baş sekretary Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, olary özara bähbitlere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary, geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň