Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçirilen mejlise gatnaşdy

16:0531.05.2023
0
25511
Türkmen diplomaty ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçirilen mejlise gatnaşdy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili M.Çaryýew Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçirilen 1970-nji ýylyň «Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýasyna» gatnaşyjy döwletleriň 7-nji duşuşygyna gatnaşdy.

30-njy maýda bolan mejlisiň açylyş sessiýasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary jenap Ernesto Ottone Ramirez 2022-nji ýylda Konwensiýa goşulan Türkmenistan we Malawi Respublikasyny gutlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Ilçi M.Çaryýew öz çykyşynda ähli agza döwletlere şu Konwensiýanyň tassyklanmagy bilen baglanyşykly Türkmenistana iberilen gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi. Ilçi Türkmenistanyň baý taryhy we medeni mirasynyň bardygyny, bu ýurduň diňe bir özboluşly taryhyny görkezmän, eýsem dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigini hem belläp geçdi. Konwensiýanyň işiniň bir bölegi hökmünde biz diňe bir bu gymmatlyklary goramak bilen çäklenmän, eýsem bütin dünýä olara baha berip biler ýaly, olaryň ýaýramagyny öňe sürýäris. Konwensiýanyň doly agzasy hökmünde öz borçlarymyzy ýerine ýetirmäge we beýleki agza döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy, medeni mirasy gorap saklamak babatynda bilim we tejribe alyşmaga çalyşýarys diýip, M.Çaryýew belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda, gatnaşyjy döwletleriň duşuşygynyň kömekçi komitetiniň agzalygyna saýlawlar geçirildi.

1970-nji ýylyň Konwensiýasy medeni mirasyň bikanun söwdasyndan goramaga gönükdirilen halkara şertnamadyr. Konwensiýa medeni mirasyň ogurlanmagynyň we söwdasynyň öňüni almak üçin görkezmeleridir düzgünleri kesgitleýär.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň bu Konwensiýasyna 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň