«Turkmen Petroleum» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy şu iş orunlary üçin dalaşgärleri söhbetdeşlige çagyrýar:
- logistika bölüminiň hünärmeni;
- satuw bölüminiň hünärmeni.
Iş gözleýänlere bildirilýän talaplar: rus we iňlis dillerine ýeterlik derejede erk etmeli, «Microsoft office» programmalaryny ulanyp bilmeli.
Dalaşgärler rezýumesini Logistics@turkmenpetroleum.com elektron poçta salgysyna ugratmalydyr. Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgisi: (+993 63) 93 11 55.
«Turkmen Petroleum» kompaniýasy Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň eksport ugruna ýöriteleşendir (2016-njy ýyldan bäri onuň halkara treýderi). Kompaniýa Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna suwuklandyrylan gazy, ýangyç mazutyny, awiakerosini, A-92 awtoulag benzinini, dizel ýangyjyny, şol sanda ECO-5 ekologik klassyny eksport edýär. Mundan başga-da, «Turkmen Petroleum» TNGIZT-i Türkmenistanda önümi paýlaşmak babatda Ylalaşyk şerti bilen işleýän kompaniýalar tarapyndan alynýan nebit çig maly bilen üpjün edýär.
Kompaniýanyň Dubaý şäherinde (BAE), Aşgabat hem-de Türkmenbaşy şäherlerinde (Türkmenistan) söwda wekilligi bar.