Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanlylar halkara surat bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

10:3207.05.2024
0
8338

Russiýanyň Medeniýet ministrligi, Russiýanyň Milletler federal agentliginiň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň Sekretariatynyň we Rus geografiki jemgyýetiniň Moskwa şäher bölüminiň guramagynda «Ejeler we çagalar milli eşikde» atly halkara surat bäsleşigi yglan edildi. Oňa türkmenistanly fotosuratçylar hem gatnaşmaga çagyrylýar-diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi Telegram kanalynda habar berildi.

Bäsleşigiň esasy maksady Russiýanyň we dostlukly daşary ýurtlaryň zehinli fotosuratçylaryň eserleriniň üsti bilen, halklaryň milli lybaslaryny, maşgala medeniýetlerini açyp görkezmekden, dürlüligi beýan etmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertleri bilen www.ethno-photo.com web sahypasynda dolulygyna tanşyp bilersiňiz.

Gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 25-nji sentýabryna çenli www.ethno-photo.com resmi web sahypasynda yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň