Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçisi Ýewropaly öndürijileriň howuzlar üçin süzgüç görnüşlerini hödürleýär

13:2731.05.2023
0
28031

Türkmen telekeçisi Andreý Romanow howuzlar, saunalar we türk hammamlary üçin suw sorujy nasoslaryny we suw süzgüçlerini eltip bermek hem-de gurnamak hyzmatlaryny hödürleýär.

«Calpeda» (Italiýa), «AtlasPool» (Türkiýe), «Vortex» (Germaniýa), «Espa» (Ispaniýa) ýaly öndürijileriň süzgüçleri we nasoslary hödürlenýär. Telekeçi ähli önümlere 1 ýyl kepillik berýär, şeýle hem enjamlary gurnamak we tehniki taýdan ideg etmek boýunça hyzmatlary üpjün edýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýaşaýjylary Aşgabadyň içine we beýleki welaýatlara eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Süzgüçleriň we nasoslaryň görnüşleri bilen aşakdaky salgylardaky dükanlarda tanşyp bilersiňiz:

  • Aşgabat, Täjir köç. (Dossaaf geçelgesi), «Söwda merkezi», 132-nji dükan;
  • Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, «Aýdyň Mekan» bazary, 8-nji dükan;
  • Mary ş., «Lälezar» bazary, 9-njy dükan.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 13 72 59, (+993 61) 08 03 06, (+993 65) 84 19 98.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň