Hokkeýboýunça dünýä çempionatynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy

09:4826.05.2023
0
20201

Finlýandiýa bilen Latwiýada dowam edýän hokkeý boýunça Dünýä çempionatynda ýarym finala çykan toparlar belli boldy.

Çärýek finalda Çehiýany 3:0 ýeňen ABŞ, şol sanda Şweýsariýany 3:1 utan Germaniýa ýarym finala çykdy. Ýer eýesi Latwiýanyň ýygyndysy Şwesiýany 3:1 utup, soňky 3 ýylda 2-nji, umumylykda-da 3-nji gezek ýarym finala çykdy. Latwiýanyň şwedleri ýeňmegi garaşylmadyk netije boldy. Ýaryşyň iň köp çempionlyk gazanan topary Kanadanyň ýygyndysy bolsa çärýek finalda beýleki ýer eýesi Finlýandiýany 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Ýarym finalda Kanada bilen Latwiýanyň, ABŞ bilenem Germaniýanyň ýygyndylary duşuşarlar. Ýarym final oýunlary 27-nji maýda oýnalar. Ýarym finalda ýeňiş gazanan toparlar 28-nji maýda finalda duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň