Türkmenistanyň futbol boýunça U-23 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine birinji torbadan gatnaşar

15:1823.05.2023
0
49342

Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine birinji torbadan gatnaşar. Bu barada Inside World Football habar berdi.

Munuň sebäbi türkmen ýygyndysynyň geçen yklym çempionatyndaky üstünligidir. Şol ýaryşda Türkmenistanyň U-23 ýygyndysy iň güýçli sekizlige düşüp bilipdi.

Bije çekişlik 25-nji maý güni AFK-nyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 13:00-da başalanar.

Birinji torbada Türkmenistanyň ýygyndysynda başga-da, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Yragyň we BAE-niň ýygyndylary bolar. Saýlama tapgyr jemi 44 ýygyndynyň arasynda 11 toparçada geçiriler. Her toparçanyň ýeňijisi we ikinji orny eýelänleriň iň gowy dördüsi 2024-nji ýylda Katarda geçiriljek Aziýanyň kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň