Soňky habarlar

Arhiw

2026-njy ýylda boljak futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi lnyşany hödürlendi

23:5318.05.2023
0
17109

FIFA 2026-njy ýylda boljak futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi logotip nyşanyny hödürledi, ony Kanada, Meksika we Amerikanyň Birleşen Ştatlary kabul eder.

Tanyşdyrylyş dabarasy Los-Anželesdäki Griffit obserwatoriýasynda geçdi. Logotipi futbolyň Halkara federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino we braziliýaly futbolçy, dünýäniň iki gezek çempiony Ronaldo Nazario tanyşdyrdylar.

Logotipiň merkezinde futbol boýunça çempionatyň resmi baýragy goýy gara harplar bilen aýratyn ýazylan «26-lyk» sanyň fonunda şekillendirilendir. Bu futbol boýunça dünýä birinjiliginiň baýragynyň resmi ýaryşyň logotipinde ulanylýan ilkinji hadysasydyr.

FIFA baýragyň we ýylyň şekiliniň her bir hojaýynyň ajaýypdygyny beýan etmäge mümkinçilik berýändigini tassyklaýar, şunlukda brendiň uzak ýyllaryň dowamynda tanaljak gurluşy döredildi.

«Bu täze eýýam üçin täze dünýä çempionaty – diýip, FIFA-nyň baştutany özüniň Instagramdaky hasabynda paýlaşdy.

Resmi logotip nyşanyny paýlaşmakdan başga-da, FIFA #WeAre26 kampaniýasyna badalga berdi, ol dünýä jemgyýetçiligini üç ýyldan soňra bu çäräni geçirmekde aýrylmaz ähmiýete eýe bolmaga höweslendirmäge niýetlenendir.

«Bu üç ýurduň we tutuş yklymyň: “Biz dünýä hoş geldiň diýmäge we futbol boýunça taryhdaky iň uly, gowy we iň özboluşly dünýä çempionatyny geçirmek üçin birleşdik» – diýip, badalga berliş dabarasynda çykyş edip, Infantino belledi.

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli geçmeli. Planetanyň birinjiligine jemi 48 topar gatnaşar. Bu öňki ýaryşlardakydan 16 topar köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň