Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdy

14:0218.05.2023
0
22861
Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün, 18-nji maýda Türkmenistanda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabatdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralar boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dabarada Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül desseleri goýuldy. Bu ýere ýygnananlar Milli Lideriň göreldesine eýerip, gül desselerini goýdular. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň