Arhiw

Aşgabatda Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň forumy geçirilýär

22:5915.05.2023
0
31282
Aşgabatda Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň forumy geçirilýär
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Aşgabatda «Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyny işjeňleşdirmek we Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlaryny kämilleşdirmek» atly HÜN Ylalaşygyna gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň arasyndaky XXXIV mejlisi geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, agzalan resminama halkara demir ýol üstaşyr ulgam boýunça ýükleri daşamak üçin bir bitewi düzgüni we nyrhy esaslandyran onlarça ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar.

Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Moldowadan, Russiýadan, Täjigistandan, Çehiýadan, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetinden, şeýle hem Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň goşulan kärhanalaryndan – «OTKL ERA» paýdarlar jemgyýetinden, «STM» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetden, «PLASKE» paýdarlar jemgyýetinden wekiller gatnaşdylar.

Forumda türkmen wekiliýetiniň düzüminde ýurduň degişli ulag agentlikleriniň we pudaklarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri boldular.

Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy bolmak bilen, guramanyň binýadynda maglumat tehnologiýalaryny alyşmak, ylmy tehniki we ekologiýa meseleleri babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Bu guramanyň Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän forumynyň gün tertibine guramanyň demir ýollarynyň Baş direktorlar konferensiýasynyň XXXVII hem-de «Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygy işjeňleşdirmek we Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlaryny kämilleşdirmek» ady bilen HÜN Ylalaşygyna gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň XXXIII mejlislerinde kabul edilen çözgütler hakyndaky maglumat, şeýle hem demir ýol boýunça üstaşyr ýük daşamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Çykyş edenler bu gezekki duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň örän wajypdygyny belläp, demir ýol we logistika ýaly geljegi uly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşmagy we ählumumy durnukly ösüş şertlerinde goşulyşmak ýagdaýynyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtadylar.

Forumyň üç günlük işiniň dowamynda Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Halkara demir ýol üstaşyr nyrhnamasy hakynda Ylalaşygyna gatnaşyjy taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şeýle hem ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine onuň işiniň kämilleşdirilmegine we işjeňleşdirilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde myhmanlar üçin gezelençleriň guralmagy we medeni maksatnamanyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň