Türkmenistanyň Prezidenti Aşyrguly Begliýewi Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine gaýtadan belledi

21:3513.05.2023
0
36317

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýewi başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Täze wezipä laýyklykda, Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinden 2023-nji ýylyň 10-njy fewraly aralygynda Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinde zähmet çekipdi. Ol soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň