Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi NUML uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

11:0011.05.2023
0
38923
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi NUML uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Ýakynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Milli häzirkizaman diller uniwersitetiniň (NUML) rektory Muhammet Jafar bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Milli häzirki zaman diller uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan habar berildi.

Türkmen tarapy duşuşykda ýurduň Bitaraplyk we durmuş-ykdysady ösüş syýasaty dogrusynda çykyş etdi. «Akylly şäher» konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäherine, şeýle hem ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiligine we TOPH we TOP-yň iri bilelikdäki taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Çeşmäniň habaryna görä, taraplar hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilelikdäki çäreleri guramagyň zerurlygy barada ylalaşdylar.

Ondan öň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň Pakistanyň Milli ylym we tehnologiýa uniwersiteti (NUST) bilen ylmy we bilim babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň