«Altyn asyr» Nurmyradowyň 94-nji minutda uran goly bilen «Nebitçini» ýeňdi

23:2809.05.2023
0
26123

Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň 1/4 final tapgyrynyň deslapky oýnunda «Altyn asyr» «Nebitçini» kabul etdi. Duşuşyk Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.

Dartgynly geçen oýnuň ýeňijisi iň soňky minutlarda belli boldy. Has takygy, ýer eýeleriniň oýunçysy Selim Nurmyradow 94-nji minutda geçiren goly bilen toparyna 1:0 hasabyndaky ýeňşi sowgat etdi.

Toparlaryň arasyndaky jogap oýny 20-nji maýda Balkanabat şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň