Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» topary Türkmenistanyň kubogynyň 1/4 final tapgyrynda «Köpetdagy» uly hasapda ýeňdi

23:2209.05.2023
0
26873
«Arkadag» topary Türkmenistanyň kubogynyň 1/4 final tapgyrynda «Köpetdagy» uly hasapda ýeňdi
Türkmenistan Futbol Federasiýasynyň resmi web sahypasyndan surat

«Arkadag» topary Türkmenistanyň kubogynyň 1/4 final tapgyrynyň deslapky oýnunda «Köpetdagyň» üstünden uly hasap bilen ýeňiş gazandy.

Paýtagtyň «Aşgabat» stadionynda geçirilen oýun 5:1 hasabynda tamamlandy.

«Arkadag» toparynyň düzüminde Didar Durdyýew iki gol (2-nji we 8-nji minutlar) geçirdi. Abdy Bäşimow (22), Yhlas Toýjanow (26) we Şanazar Tirkişow (86) dagy bir gezekden tapawutlandylar. «Köpetdagyň» ýeke-täk goly Baýramgeldi Gulmaýewiň (73) adyna ýazyldy.

Toparlaryň arasyndaky jogap oýny 20-nji maýda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň