Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý kompaniýasy Hazar şäherçesindäki deňiz portunyň ukybyny artdyrmaga ýardam edýär

10:3509.05.2023
0
18033

Hytaýyň «Qingdao Relong Technology Co., Ltd.» kompaniýasy Türkmenistanyň Hazar şäherçesindäki portunda çuňaltma işlerini geçirmek üçin ýene bir ýokary öndürijilikli gumsorujy enjamy gowşurdy. Bu barada hytaýyň internet neşiri habar berýär.

Enjamyň gelip gowuşmagy bilen geçiriljek has giň gerimli çuňaltma gazuw işleriniň netijesinde Hazar portunyň gämilere hyzmat edip bilijilik ukyby ýokarlanar. «Relong 650 Model CSD» atly gumsorujy enjamyň işleýiş ukyby sagatda 5000 kum metr/sagada barabar bolup, ol 20 metr çuňluga ýetmäge mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende bellesek, Çeleken ýarymadasynda ýerleşýän Hazar şäherçesindäki deňiz portunda gämilere, esasan, «Dragon Oil» kompaniýasy tarapyndan gazylyp alynýan nebit ýüklenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň