Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hyundai Merkezi Turkmenistan» HJ kompaniýalary we hususy awtoulag eýelerini hyzmatdaşlyga çagyrýar

10:2109.05.2023
1
35793

«Hyundai Merkezi Turkmenistan» hojalyk jemgyýeti awtoulaglara tehniki hyzmat etmek we abatlamak boýunça hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Kompaniýa aşakdaky işleri ýerine ýetirmäge taýýardyr:

  • hereket edýän bölegini gözden geçirmek we enjamlaryny çalyşmak;
  • geçiriş (transmissiýa), sepleşme and hem-de hereketlendiriji mehanizmleri gözden geçirmek we enjamlaryny çalyşmak;
  • elektrik enjamlaryny, duruzyş ulgamlaryny gözden geçirmek we abatlamak;
  • elektrotehniki işleri;
  • gabara (kuzow) we reňklemek işleri;
  • tehniki hyzmatlar.

«Hyundai Merkezi Turkmenistanda» dürli öndürijileriň awtoulaglaryna hyzmat etmekde uly tejribesi bolan ýokary derejeli hünärmenler we mehanikler zähmet çekýärler. Ähli işler kesgitlenen wagtynda ýerine ýetirilýär, kompaniýa dogruçyllyga, işiň hiline we netijeliligine üns bermek bilen, öňde goýan wezipesine jogapkärçilikli çemeleşýär.

«Hyundai Merkezi Turkmenistanyň» müşderileri üçin amatly arzanladyş ulgamy, hakyky ätiýaçlyk şaýlarynyň köpdürli görnüşleri, goşmaça esbaplar we aksessuarlar, çalt ýerine ýetirilýän hyzmat göz öňünde tutulandyr. Şeýle-de Hyundai Merkezi Turkmenistan hyzmat merkeziniň territorial elýeterliligi ýene-de bir möhüm artykmaçlyklaryň biridir.

Kompaniýa öz işinde işgärleriň birmeňzeş iş lybasyny hem öz içine alýan iş medeniýeti ýaly meselä hem üns berýär. Rahat, amatly we çydamly ýörite lybaslar «Sarayan» tikin kärhanasyna ýörite sargyt edildi.

«Hyundai Merkezi Turkmenistan» HJ-niň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow köç., 1. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 44 03 78, (+993 12) 43 03 84.

Bellik: habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň