Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Çarlz III-ä täç geýdirilmegi mynasybetli kabul edişlik gurady

22:0907.05.2023
0
21161

Şenbe güni Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirilmegi mynasybetli kabul edişlik gurady. Dabaraly kabul edişlik çäresi paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berdi.

Çärä Aşgabatda akkreditlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, eko-aktiwistler, žurnalistler, Beýik Britaniýanyň Türkmenistanda işleýän raýatlary çagyryldy.

Myhmanlara Beýik Britaniýada täç geýdiriş dabarasynyň aýratynlyklary, korollyk häkimiýetiniň nyşanlary barada wideolar, şeýle hem göni ýaýlymda Çarlz III-niň täç geýdiriliş dabarasy alnyp görkezildi.

Öň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdiriliş dabarasyna gatnaşandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň