FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Gyrgyzystanyň MOK-nyň altyn ordeni bilen sylaglanyldy

15:4605.05.2023
0
43009
FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Gyrgyzystanyň MOK-nyň altyn ordeni bilen sylaglanyldy
Surat: Gyrgyzystanyň NOK

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino Gyrgyzystanyň Milli olimpiýa komitetiniň altyn ordeni bilen sylaglanyldy.

Janni Infantino «Futbolyň ösmeginde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin» berlen sylagy şu gün Gyrgyzystanyň MOK-nyň prezidenti Sadyr Mamytow gowşurdy.

Altyn orden — Gyrgyzystanyň Milli olimpiýa komiteti tarapyndan berilýän sylag bolup, oňa sportuň ösmegine önjeýli goşant goşan şahsyýetler mynasyp bolýar.

Ýeri gelende bellesek, Janni Infantino özüniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyrýan ilkinji iş saparynyň çäklerinde Gyrgyzystana bardy. Onuň Bişkek şäherine barmazdan ozal Täjigistanda, Gazagystanda we Türkmenistanda bolandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň