Türkmenistanda Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

16:0728.04.2023
0
52070

Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu Gyrgyzystanyň daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen kompaniýalaryna Gyrgyzystanyň medeni-taryhy ýerleri, syýahatçylyk ugurlary we ýurduň sebitleri bilen baglanyşykly mümkinçilikler barada gürrüň berildi.

Hususan-da, syýahatçylaryň iň bir köp gelim-gidimli, tomus we gyş gezelençleri üçin aýratynlyklar bolan ýerler, alpinizm, şeýle hem işewür syýahatçylygy barada aýdyldy.

Mundan başga-da, Syýahatçylygy goldamak we ösdürmek gaznasy tarapyndan taýýarlanan Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri baradaky broşýuralardyr kitapçalar we wideo materiallar görkezildi.

Bu çärä «Soltan dag», «Suwara», «Jahankeşde», «Оguzabat», «Saadaа», «Halkara dostluk», «Ýola rowana», «Aşgabat syýahat», «Asman daglary», «Daň şemaly», «Arçman daglary, «Halkara syýahat» we «Oguz travel» ýaly kärhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň