Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda nagt däl tölegleriň paýy artdy

14:5728.04.2023
0
17700

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýanwar—fewral aýlarynda «Elektron söwda» ulgamy arkaly geçirilen nagt däl tölegleriň umumy mukdary 136,5 million manat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankyna salgylanyp, «Trend.az» habar berdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna laýyklykda, bu görkeziji, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 73,2 göterim köpdür (78,8 million manat).

Degişli döwürde «Mobil bank» ulgamy arkaly amala aşyrylan tölegleriň umumy mukdary 2,52 million manat boldy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 71,4 göterim köpeldi (1,47 million manat).

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň ýanwar—fewral aýlarynda «Internet-bank» ulgamynyň üsti bilen geçirilen tölegleriň umumy mukdary 687,549 manat boldy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,9 esse köp (175,928 manat).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň