Turkmenportal logo
28.04.23
1836918369
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Döwletabatgazçykaryş» müdirligi 121,9 göterim ösüş gazandy
«Döwletabatgazçykaryş» müdirligi 121,9 göterim ösüş gazandy

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň işçi-hünärmenleri tebigy gazy durnukly çykarmak we gaýtadan işlemek babatda yhlasly zähmet çekýärler. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde kärhanada alnyp barlan işleriň görkezijileri olaryň çekýän zähmetiniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.


Degişli döwürde 544 million 375 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 121,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Netijede tebigy gazyň we gaz kondensatynyň bu möçberi sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy.