Soňky habarlar

Arhiw

«EXPO-2030» geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň Ýörite ilçisi bilen söhbetdeşlik geçirildi

18:4226.04.2023
0
45944

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň EXPO-2030 geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň Ýörite ilçisi Romeo Orlandi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada durup geçdiler. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde we köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde mundan beýläk hem ösdürmek üçin özara taýýarlygy beýan edildi.

Duşuşygyň esasy maksady 2030-njy ýylda EXPO-ny Italiýada geçirmek boýunça dalaşgärligini öňe sürmeginiň konsepsiýasy bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň