Türkmenistan bilen Gyrgyzystan gümrük işleri babatynda döwletara şertnama baglaşmak isleýärler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewiň Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berilmegine görä, bu resminama iki ýurduň gümrük bölümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy gowulandyrmak üçin kanuny esas döretmäge niýetlenendir.
Gün tertibine laýyklykda, duşuşykda maglumat alyş-çalşygy, statistiki maglumatlary deňeşdirmek, şeýle hem iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini özara söwdany ösdürmek üçin dogry ulanmak ýaly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Gyrgyzystanyň ilçisine gümrük hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen ýurtda alnyp barylýan işler dogrusynda habar berdi.