Şu gün Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde III Açyk halkara matematika olimpiadasyna (OMOUS-2023) badalga berildi.
Olimpiadanyň açylyş dabarasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde guralyp, oňa gatnaşyjylar duz-çörek bilen garşy alyndy. Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda mejlis geçirilip, onda uniwersitetiň rektory çykyş etdi. Mejlisiň dowamynda, şeýle hem bäsleşige gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşyna giň orun berildi.
Olimpiada GDA-nyň, Latyn Amerikasynyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryndan gelen ýaşlaryň 280-den gowragy gatnaşýar. Ýaşlar ýekebara we toparlaýyn görnüşlerde bäsleşerler. Olimpiada türkmen we iňlis dillerinde geçirilýär.