Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatynyň üçünji dwizionyny ikinji orunda tamamlady

12:1924.04.2023
0
18151

Baýram Allaýarowyň türgenleşdirýän hokkeýçileri tamamlaýjy tapgyrda 1:3 hasabynda Taýwanyň toparyndan ýeňildiler, netijede ol topar ýaryşynyň tablisasynda birinji ýeri eýeledi we klasyny ýokary galdyrdy. Başga bir ýaryşda GAR-nyň ýygyndysy 4:0 hasabynda Lýuksemburgy ýeňdi.

Ýaryşyň jemleri boýunça üçünji diwizionyň «А» toparyna 12 oçko bilen Taýwan öňdelegi eýeledi. Ikinji ýerde — 6 ball bilen Türkmenistanyň ýygyndysy ýerleşdi. Üçünji we dördünji setirleri oçkolaryň şoňa meňzeş sany bilen GAR we Tailand degişlilikdäki orny eýelediler. Türkmen hokkeýçileri derwezä girizilen we geçirilen şaýbalaryň hasabyna bäsdeşlerinden ýokary boldular. Bäşinji ýeri 0 oçko bilen Lýuksemburg saklap galdy.

Ikinji diwizionyň «B» topary üçin göreşi 5 toparyň — Lýuksemburgyň, Tailandyň, Taýwanyň, Türkmenistanyň, GAR-nyň ýygyndylarynyň alyp barandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň